Surat

Alty sözli hekaýalar (2)

***
Birtaraplylyk: Alla berer diýdiler. Alar diýmediler.

***
Hudaýy çagyrdym. "Ýatan ýeriňden gal" diýdi.

***
Ogryny bagyşladym. Öwnüp, ýene wagtymy aldy.

***
Eşitseň - hemme ýeriň horazy deň gygyrar.

***
Ogurlaýarka gowudy, soň ’sistema çüýrük’ boldy.

***
Ýalançy diňe seni däl, çagaňy-da aldar.

***
Ol bolýandan gorkup, gelýäni görüp bilmedi.

***
Adalatsyzlyga gözüni ýumdy. Gözi türmede açyldy.

***
Bendi hudaýy çagyrdy. Prezident jellatlaryny iberdi.

***
Ýüzi alnan çyn ýalanyň arkasyna duwlandy.

***
Ýüz atly bir atlydan sorady: «Ogurladyňmy?»

***
Bosgun çagalary görüp, ot başynda üşedim.

***
Köşk. Hajathana çenli adam mertebesi düşelen.

***
Aja çörek soradym, doklar daş zyňdy.

***
Tanymal ýazyjy. Kitaplary bar, eseri ýok.

***
Aglady, güldi, haýsysy çyn, özi-de bilmedi.

***
Gürlese däl, dymsa däl, gülen boldy.

***
Ol kellesini aýaýar. Goý, başgalar agyrtsyn!

***
Ogram özüne osar, orramsam. Dogry nätmeli?

***
Bilmez arkasy güýçli. Bilen aýagaldygyna gaçdy.

***
Börek dosty. Türmeden boşadym. ’Däli’ diýdi.

***
Milleti çaý-çörege daňyp, ’bagtly’ etdiler.

***
Häkimiýet ýerde ýatyr. Götermäge ner ýok.

***
Gazet aldym. Agam käýindi. "Endik-dä" diýdim.

***
Intelligentler: "Men - hajy!" "Ýok. Sen - geçi!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024