Surat

Alty sözli hekaýalar

"For sale: baby shoes, never worn." Ernest Hemingway

***
Iýen agyz uýalmady, aç çagalara alkyşlatdy.

***
Öňüne saçak ýazdym. "Mugt düşdümi?" diýdi.

***
Gonamçylyk. "Sizde ogly gum atmaly dälmi?"

***
Ganhor türmeden çykdy. Daşardakylar içerik ýygnandy.

***
Men ýene-de ogrynyň öňünde özümi akladym.

***
Il aglak boldy, ol ölübem gitmedi.

***
Giç. Kölegämi basan maşyn özümem basdy.

***
Namaz tamam boldy, gara pikirler gutarmady.

***
Bir-birege palçyk zyňdylar. Ikisem ýuwunmaly boldy.

***
Esgeri göterdiler. Atgulagy agaç ata daňdylar.

***
Men ölçemän kesdim, soň kän garyşlatdylar.

***
Ynanasym gelýärdi. Ellerimi daňyp, zyndana itekledi.

***
Ygrarsyza ygrarly bol, ýogsa ölersiň diýdiler.

***
Çyn pikirdeş. Ýykyldym - begendi, dikeldim - gynandy.

***
Janly diwar. Daşdan: "Şöhrat!" Içden: "Nälet!"

***
Soň gelen aşa-da, öňküleri iýmäge-de batyr.

***
Başy dik biri galypdy, onam ýygnadylar.

***
Söz azatlygy diýilse, diýeni edilmelidir öýtdi.

***
Prokuror: Ilki baryp, aýyplanýanyň öýüni görýärin.

***
KGB ofiseri: Iberýän ýerimize özümizem gidýäris.

***
Bir wizipäni oňarmadyga ýene üçüsini berdiler.

***
Hemişe belent uçsaň - bagyşlamalzlar, biraz pessaýla.

***
Bitaraplyk: Özüňe gelýänçä başga basgylanýany görmezlik.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019