Aýalyň düýşi
"Düýäň dört aýagy aşagyna syganda, seň iki aýagyň sygmazmy?.." Çagalykda köp eşiden sözlerim gulagymda ýaňlanan ýaly boldy. Stoluň aşagynda öňräge uzan aýaklarymy derrew yzyna, oturan oturgyjymyň aşagyna çekdim. Aýagyma degen aýagyň awusy ýüregime baryp uranam bolsa, garry enemiň kiçijik gyzlara ulugyz oturyşyny öwredişi göz öňüme gelip, ýylgyrdym.
Uruşdan soň dört çagany ýeke özi ulaldan enem... Soň ol bizi, agtyklaryny, çowluklaryny ulaltmaga gatnaşyp, 84 ýaşynda dünýäden ötdi. Görgüli, gören görgüleri "it görse - gözi agarjak" diýilýänem bolsa, ejeme "men ölemde çala ses etseňiz ediň-de, agyr-agyr aglamaň, belli günlem geçensoň, başatgyçlaryňyzy aýryň" diýerdi. Ol öz ömründen razydy, "men bagtly" diýerdi.
"Bagtly ýa betbagt bolmak adamyň öz pikirine, ýüregine bagly, baýlygyna ýa jemgyýetdäki ornuna bagly däl" diýip, bir ýerde okapdym. Stoluň başyndakylaryň ýüzlerine seretdim, hemmeleriň ýüzi gülýärdi. Ortada "guşuň süýdi" diýseň-de bardy, emma esasy zat nahar, içgi däldi, söhbetdi.
Aýagyma ýene aýak degdi. Özem bu gezek öňki gezekkiden hem gatyrak degdi. Agyrysyndan tas gygyrypdym.Ýene aýagymy yza çekdim, emma ol aýak ýene we ýene aýagyma degdi. Edil biri bilkastdan depýän ýalydy.
Gabat öňümde, stolyň beýle tarapynda oturanyň ýüzüne seretdim, emma ol gapdalyndaka bir zatlary gürrüň berip, öz gürrüňine özi gülüp, ýaz ýaly açylyp otyrdy. Soň beýlekileriň ýüzlerine seretdim, olaram şeýledi. Onsoň aýaklarymy stulyň aşagragyna ýygnap, il ýaly, "göwnüme güman getirmän", "wagtymy hoş geçirmäge" çalyşdym. Emma ýene aýagyma aýak degdi. Gatyja degdi onda-da. Agyrysyndan tas gygyrypdym.
Durup bilmedim, stulymy yza çekdim-de, eglip, stoluň aşagyna seretdim. Görsem, stoluň aşagy ala-hasyrdy, aýaklar aldygyna bir-birini depýär. Başymy çala galdyryp, stoluň ýokarsyna, adamlaryň ýüzlerine seretdim, olar edil öňküleri ýaly ýylgyryp, eziz dostlar ýaly gürleşip, gülşüp otyrdylar.
"Bäh, ýeke men şeýle gödeňsimikäm diýip otyrdym welin!.." diýip, içimdäkini daşyma çykaranymy duýman galdym.
Stoluň başyndakylar maňa tarap gaňrylyp, stoluň aşagyndaky ýagdaýy görenimi bilip, çala gülümsirediler-de, hiç zat bolmadyk ýaly, arasy kesilen gürrüňlerini dowam etdirdiler.