Surat

"Biz adam bolmarys..."

Öz ýurdundan uzakda galan ilsöýer ogullaryň ruhuna bagyşlaýaryn.

Men deňimde gelip duran gyzyl maşynyň gapysyny açanymdan Aslanyň öňki Aslan däldigini, oňa bir döwüň çalandygyny bildim. Emma bilmezlige salyp, adat boýunça salam berdim, hal-ahwal soraşmagy welin onuň özüne goýdum. Ol salamymy aldy, ýöne şondan aňryk geçmedi.

Aslan meniň öňki Sowetistan boýunça ildeşimdi, has anygy men Hazaryň bärki, ol aňyrky kenaryndandy. Emma biz indi Hazara-da, öz güneşli howamyza-da zardyk. Ýurdumyzdan gaçgak bolup, norweg topragynda, hudaýyň beren her güni ýagyş ýagýan Bergende ýaşaýardyk...

"Ýagmyr ýagdyrma, soltanym, ýagmyr ýagdyrma!.." - Men maşynyň içindäki dymyşlygy bozmak üçin, her gezek balyk tutmaga çykamyzda Magtymguly Pyragynyň dilegini tersine öwrüp, içimden edýän dilegimi daşyma çykardym.

Aslan ajy ýylgyrdy, ýöne hiç zat diýmedi. Dogrusy, biz ýagyş-ýagmyra taýýardyk, aýagymyzda suw geçirmeýän täzeje köwüş, sumkamyzda bolsa içine çyg syzmaýan täzeje egin-başymyz bardy. Emma men ol egin-başy geýsem, derrew derläp başlaýardym.

"Biz adam bolmarys..." - Aslan ýola tiňkesini dikip, rulundan berk ýapyşyp oturyşyna eşidiler-eşidilmez hüňürdedi.

Bary-ýogy bir ýyldan gowrak wagt bäri tanaýanam bolsam, men Aslanyň gylyk-häsiýetine belet boluberipdim. Içini dökmegini isleseň, oňa sorag bermän, biraz garaşmalydy. Men şony hem etdim. Şäherden çykyp, dag ýolundan bat alyp başlan maşynda arkan gaýyşdym-da, gözlerimi ýumdum.

"Biz adam bolmarys, ýa bolarmykak?.." - Ol meniň ýüzüme seretmän sorady.

"Bolarys, adam boljak bolamyzsoň hapa çümmedik-dä..." - Menem onuň ýüzüne seretmän gürledim.

"Bize hapa çümmäge mümkinçilik bolmadyk bolaýmasyn?"

"Hapa çümjege hemişe mümkinçilik bardyr."

"Men düýn özümiň şol hapa çümenlerden tapawutlydygyma şübhelendim..." - Ol, birhili, meniň ozalky tanaýan Aslanyma meňzemän, öňküsinden has kiçelen ýaly göründi. Men ilki näme bolanyny sorajak boldum, emma soň soraman garaşmagy dogry tapdym.

"Düýn balyga sen gitmeseňem gitdim men..." - Onuň sesi gaty gynançly eşidildi.

"Gowy edipsiň-dä gitseň, bu ýerde gynanar ýaly näme bar?" - Men soraman durup bilmedim. "Ýa balyk tutmadyňmy?"

"Balyga derek men özümi, içimde oturan açgöz Aslany tutdum..."

"Aslan halypa, bu gün birhili geň gürrüňler edýäň-aý?.. Mus-muslap oturman, Mustapa diýsene!"

"Mustapasy şol, düýn hemişeki barýan ýerimizde bir sagatlap bir balygam tutup bilmedim... Onsoň pälimi bozdum. Hamala ýedi başly kel ekleýän ýaly, öýe eli boş barsam, aç oturan çagam bar ýaly..." - Ol şeý diýip, birsellem dymdy. Men hiç zat diýmän garaşdym. Ahyry ýene onuň özi dillendi: "Kenara golaý ýüzüp ýören ak guwa göz dikdim... Golaýrak gelse, çeňňegiň kürçegini aýlap salaýyn, boýnundan ýa başga ýerinden iler, çekip alaryn diýip... Çommalyp oturdym, garaşdym. Olam barha golaýlaýar... Hernä hudaý gorady, salmadym kürçegi aýlap... Ýaňybir çenenip, ýerimden galjak bolamda, beýle ýanymdaky agaç jaýyň gapysynyň jygyldanyny eşidäýdim. Görsem, guw şo taýyk gelýän eken, oňa şol jaýdaky norweg iýmäge bir zatlar berýän eken..."

Men ilki näme diýjegimi bilmedim. Soň oňa göwünlik bersem gowumy ýa hiç zat diýmesem gowy, birden bir ters zat diýäýmäýin diýip ýaýdandym.

"Iýjegiňi berýäler, geýjegiňi berýärler, jaýyňy berýärler, hatda balyk tutjak çeňňegiň puluny, tutan balygymy surata aljak diýseň, fotoaparat puluny hem berýärler... ’Uruşda boldum, ýaralandym, gapdalymda bomba ýaryldy, beýhuş bolup, gan ýitirip kän ýatypdyryn’ diýsem, ’seň gören görgiň bir adamlykdan kän, ýarawsyzyň pensiýasyna çykaraly, güneşli ýerlere git-de dynç al’ diýýäler..." - Aslan başyny ýaýkady.

"Adam-da, ýalňyşýa-da..." - Men ahyry bir zatlar diýmäge gaýrat tapdym. "Ýöne sen diňe pikir edipsiň-ä, pikir jenaýat däl..."

"Wah, şo pikir jenaýat-da!" - Ol meniň sözümi gaharly böldi. "Eger şol gapy jygyldamadyk bolsa näme?.. Men özüme halkymyň gowularynyň biri diýýärdim. Şoňa-da ynanýardym. Aýyn bolmasa prezidentler, premýer-ministrler... pylan diýýäris, a biz näme?"

"Aý, nätdiň-aý, Aslan halypa? Özüňi olara bir deňemesene!.. Bir topar doýmaz-dolmaz-a o ýere barýanlar..." - Men oýunlyga salyp, dartgynlygy biraz gowşatjak boldum.

"Şundan öňki eden ähli namartlygym bir ýana, bu-da bir ýana, özümi bagyşlap bilemok. Ilki ’maşyn alsam’ diýdim, aldym, soň ’bir motorlyja gaýyk bolaýsa’ diýip başladym..." - Ol bir elini ýüreginiň üstüne eltdi. - "Gije ýatyp bilmedim, ýüregim agyrdy..."

"Özüňe beýle ýowuz bolmasana, Aslan halypa!" - diýip, men başga-da näme diýjegimi bilmän dymdym. Olam dymdy.

Onsoň iki dymma bolup, balyk tutýan kenarymyza gelip, herimiz adatça suwa çeňňek atýan ýerimize geçdik.

Howa gowudy, gün çykyp durdy, bulutlar bolsa daşdy. Biziň norweg topragyna gelip ulanyp başlan çeňňeklerimiz öň Sowetistanda ulanan gargy gamyş saply, ýekeje kürçekli, kürçegine gurçukmy ýa buzaw dakylyp, suwa taşlanyp, balyk çekýänçä garaşyp oturylýan çeňňek däldi. Norweg çeňňekleriniň ujuna gatyja bir zatdan ýasalan kiçijik balyjaklar daňylýardy, şol balyklaryň guýruk tarapynda hem kürçekler bardy. Biz balyk tutýan kürçekli balyklary suwa zyňyp, çeňňegi yzyna ýuwaşjadan sarap başlaýardyk. Eger biziň kürçekli balyklarymyz aşakda ýüzüp ýören balyklaryň gözüne ilse, olar ony kiçijik balykdyr öýdüp, lak-luk atjak bolýardylar we biziň elimize düşýärdiler.

Bu gezek çeňňek atanymyzdan balyk düşmäge başlady.

"Makrel sürüsiniň üstünden geldik" - diýip, Aslan şadyýan gygyrdy.

Men balyga däl, Aslanyň sesindäki şatlyga begendim. Ýöne bu şatlyk uzaga çekmedi. Ol bir çeňňek zyňylanda dörtden-bäşden düşýän makrelleri görkezip, "bular maňa öz düýnki bolşumy ýatladýar" diýdi...

Şondan soň biz bile balyga gitmedik. Birazdan men Bergenden göçdüm we iş-alada bilen Aslany ýatdan çykardym. Emma bir gün, ençeme ýyl geçip, ol düýşüme girdi: men şol balyk tutýan ýerimizde çeňňegi suwa zyňyp, dörtden-bäşden makrel tutýaryn, Aslan bolsa kenardaky agaç jaýyň öňünde aýagyny suwa sallap oturan ýerinden ak guwlara goşawuçda tokgalanan çörek zyňýar. Men oňa ’nähili?’ diýip gygyrýaryn. Ol suwuň içinde duran gaýyga ümleýär: ’Motorlyja gaýygam edindim, ýöne indi ýaramok...’

Irden turup, men onuň "Biz adam bolmarys, ýa bolarmykak?.." diýen sözlerini ýatladym. Dogrusy, bu sözleri men hiç wagt ýadymdan çykaryp bilmändim. Bir gezek, hyýalymda Aslan bilen gürleşip, ’Belki, adam şu soragy özüne bereninden soň adam bolmagyň ýoluna düşýändir’ diýdim. Bu pikiriň ozal, Aslan özüni makrellere deňäp, aglaýajak bolýarka kelläme gelmänine gynandym. ’Şu gün işden soň hökman jaň edeýin, oňa bu pikirimi hökman aýdaýyn’ diýdim. Emma ne şo gün işden soň, ne-de bir hepdeden Aslana jaň etdim.

Ol ýene düýşüme girdi. Men ýene şol öňki ýerde balyk tutýaryn, ol bolsa indi kenarda, agaç jaýyň öňünde däl-de, suwuň içinde, kenardan iki-üç ýüz metrlikde duran gaýygyň üstünde otyr we "Jaň etmediň-ä?.." - diýýär. Soňundanam, aňrysyna öwrülip, birwagtky soragyny gaýtalaýar: "Bilýäan-ä, biz adam bolmarys, ýa bolarmykak?.."

Men ertesi Aslana jaň etdim, emma ol bir hepde öň dünýäsini başgalan eken.

Praga, 30.03.16.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024