Balak statistikasy

Geň zat boldy, ýat ilde bir ildeş we işi oňan biznesmen telefon etdi. Hawa, ýalňyşlyk ýok: hem ildeş, hem biznesmen (Ata-babalarymyz biznesmenlige telekeçilik, ýagny ters iş bilen meşgullanyp, peýda görmek diýipdirler.). Hiç bir meselesi ýok, diňe çaýlaşmak isläpdir.

Ozallar diňe başyna iş düşen, adalaty tapman, paltasy halys daşa degen iki-eke ildeş jaň edensoň, men ilki gulagyma ynanmadym. Içimde kiçiräk bir şübhe-de dömdi: «Çaýlaşmak üçin, näbileýin-dä... Çaýyň arkasynda başga bir zat bar bolaýmasa?..»

Şübhäm ýalňyş çyksa begenerin diýdim. Ýalňyş çykdy. Ol soňky döwürde Çehiýadaky «Karolowi Wari» kurortynyň ýoluny öwrenenleriň biri eken we bu ýere gelip, çaýlaşman gidesi gelmändir.

Ilki düşünen zadym biznesmen ildeşim, söz owadanlamakdan, gep tansyndan geçen, hiç gürlemeýän eken.

Hal-ahwal soraşlykdan soň, ýylgyryp, şol ýüzüme seredip otyr. Birhili, oňaýsyz hala düşdüm. Nätanyş, ömrüňde birinji gezek görýän adamyň ýanynda bir özüň ýaňrap, eňegiňe jaň dakylan ýaly bolup otursaň, ýa-da ol içinden ýa soňundan «gezek bermedi» diýse, peýdaň däl...

Onuň biznesiniň rowaçlygy, belki-de, hemme zatdan beter, dymyp bilmeginde bolsa gerek diýip, içimden pikir etdim.

Şäher etegindäki “Colosseum” restorany, adam kän däl, oturyp-oturman nahar buýurdyk. Myhmanym pizzany gowy görýän eken, men öz gowy görýän balygymy aldym.

«Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňi gür ber» diýipdirler. Iýlen-içileni goýaly, bolan zady aýdaýyn.

Nahar iýýänçäk, utanýan bolmasyn diýip, kän zat diýmedim. Nahardan öň, maňa seretme, maşyn sürmeli, sen işdä açar ýaly, güýçliräk bir zat alaý diýsem hem etmedi, içmeýän eken.

Nahardan soň kofe buýrup, «Hawa, aýdyp otur, ildeş» diýýän. Eginini ýygyrýar. Ýylgyrýar. Ýöne men anyk näme sorasam iki agyzda, «hawa-ýok» görnüşinde jogap berýär.

«O taýda biznes etmek kyn diýýärler-ä?»

«Aý, düzelişer-dä... Ýuwaş-ýuwaşdan ösüp barýas...»

Men gürletjek bolýan ýaly bolmaýyn diýip, sorag bermämi goýdum. Ikimizem esli dymdyk. Ýöne dymyp oturmagam çykalga däl.

«Bu ýerleri haladyňmy?»

«Hawa, gowy ýerler. Seretdigiňçe, gözüň dynç alýar.»

«Beh, göwneseň, söz tapýan ýaly-la sen?»

Ol güldi.

«Bile işleýän dostum bar, şoň sözi. Ol başga ýurda gidip gelse, «gözüm dynç aldy» diýýär.

«Ol dostuň başga näme diýýär?»

«Ol saňa bizden kän uzak ýaşar diýýär.»

«O näme üçin?»

«Pikir edýän zadyny aýdýar, içinde saklanok, bizi aýtmadyk sözlerimiz öldürer diýýär.»

Bu gezek men güldüm. Ol muny halamady.

«Dostum muny gara çyny bilen aýdýar, içimiz gemre-gemre, ýyllap artylmadyk ýatak ýaly, sähel gyzsak, burnumyza dersiň ýanyk ysy urýar diýýär.»

Men bu gezek ne güldüm, ne başga bir yşarat görkezdim. Myhman adamyň göwnüne degmek, onda-da birinji gezek görýän, indi görjegiň gümana adamda ters pikir galdyrmak gowy däldi.

Ol başda bary-ýogy bir hepdelik gelenini aýdypdy.

«Halan bolsaň, ýene bir hepde gal, myhman alaýyn, şähere aýlaýyn.»

«Hiç ýerde bir hepdeden artyk galasym gelenok, iki günden soň ýüregim gysyp başlaýar.»

«Aýalyňy, çagalaryňy alyp gelmeli ekeniň.»

«Aýalym oba gyzy, gaýynlaryny ýeke taşlap, kurorta gitmegi edepsizlik hasaplaýar.»

«Näçe çagaň bar?» diýip, men ahyry onuň maşgala durmuşy bilen gyzyklanmaga het etdim. Onuň ýüzi açyldy:

«Dört oglum bar.»

«Tüweleme, ýaşlary uzyn bolsun."

«Agzyňdan hudaý eşitsin.» Ol ýene ýylgyrdy.

Men içimden bu ildeşi birki aýdan, asyl hiç görmedik ýaly, ýadymdan çykarsam gerek diýip oýlandym.

Bir gezek, daşary ýurda ilki gelen ýyllarymda, emigrasiýa çykan biri jaň edip, «men pylany, seniň klasdaşyň» diýende, beýle klasdaşymyň bolandygyny wagty bilen ýadyma salyp bilmändim.

Ýöne myhman meni, birden pyňkyryp, bu pikirimde-de ýalňyşdyrdy.

«Bagyşla, bir zat ýadyma düşdi-de...»

«Bile güleli, gizlin bolmasa aýt, nämä güldüň?»

«Däli ýaly, bir gün körpe oglumyň balaklaryny sanadym. Geýip gideninden başga sekiz balagy bar eken. Oň ýaşynda meň ýekeje balagym bardy...»

Menem güldüm: "Sowet döwründe bir anekdot bardy. Mugallym okuwça käýýeýär: ’Näme düýn okuwa gelmediň?’ ’Wah, gelýädim-le, siziň öýüňiziň deňine gelip, yzyma gaýdaýdym-da...’ ’O näme üçin yzyňa gaýtdyň?’ ’Aý, ýüpde balagyňyz serilgi eken-de, mugallym bu gün işe gelmez diýip pikir etdim-dä...’ Ýadyňdamy?"

Myhmanym hezil edip güldi: "Bäh, edil men eken-aý... Özüniňki ýaly, mugallymyňam balagy ýekedir öýdendir, he-he..."

Myhmanym hoşlaşyp durkak ýene bir gezek balak statistikasyna ýüzlendi: "Däli ýaly, gülkimem tutýa, her oglumyň sekiz-dokuz balagy bar, meňkini goşsaň, bir öýde elli balak boljak... Hatda ömrüni köpük sanap geçiren kakamam indi sähel göwşüllän balagyny geýmedik bolýa..."

Näme üçindir garry agamyň köp gaýtalan gürrüňi ýadyma düşdi:

«Uruşdan soň, obada aýallaryň biri tamdyra ot goýberse, oglanlar bolup, nobata durardyk. Nobat ýetende, bir dona dolanyp, balagymyzy bererdik... Tamdyra kakylýan balaklaryň biti «şabyrt» edip ýanardy..."

Dogrudanam, ýuwaş-ýuwaş ösýäris, bu fakt.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024