Okuwuranyň ölümi

Ol ilkinji urlan pyçak bilen ikinjiniň aralygynda, heniz olaryň awusy ýüregine ornamazyndan öň, ejesi bilen kakasyny gynandyrjagyna, aýal doganlaryny zar-zar aglatjagyna gynandy, çünki şolaryň göwni üçin, öz göwnüni ýykyp, bir ömrüni owarram edip, ýurduna dolanypdy.

«Dur, göni ýüreginden urma, pikir etmäge wagty bolsun» - diýip, ikiniň biri beýlekini saklady.

«Birden ölmän galsa näme?» - diýip, beýleki pyşyrdap sorady.

«Köp gan ýitirse, galmaz...»

«Ýoldan geçen-beýleki iňňildisini eşidip, demine ýetişäýmesin?»

«It-pişik gelmese, iňňildä geljek adam bolmaz bu wagtdan soň...»

"Telefonyny zyňdyň dälmi?"

"Zyňdym, gulagyndaky nauşnigi ilişip galypdyr."

Ol ilki olaryň aýak sesleriniň daşlaşyşyny, guran gamyşlaryň şygyrdysynyň azalyşyny, soň minibusyň motorynyň sesini eşitdi. Birsellemden maşynyň sesi hem daşlaşyp gitdi.

Pyçak ýaralaryndan akýan ýyly gan ýüň jempere siňip, ýuwaşjadan sowaýardy. Ol ýene ejesi bilen kakasyny gynandyrjagyna gynandy. Ýöne onuň «pikir etmäge berlen wagty» gynançly pikirlere harçlasy gelmedi.

Ol gowy oguldy, gowy okuwçy bolupdy, gowy mugallymdy. Ol özi hakynda eýýämden öten zamanda pikir edişine ajy ýylgyrdy. Diýmek, ol bu ömrüniň uzak dowam etmejegini bilýän, bolmanda oňa içinden gelen, aňda düşünýän bolmaly...

Ol bolan zatlary ýatlady. Garaňky gatlyşanda ikinji okuwçysynyň öýünden çykyp, üçünjiniň öýüniň golaýyndaky çatrykdan öwrülende, yzyndan gelýän maşynly gatyrak öwrüldimi, nämemi, yzyndan urdy.

Ýöne sürüji gowy oglan eken, ters dawa tutmady: "Agam, bagyşla, kellämiň içinde başlygym barmagyny çommaldyp otyr, näletsiňen ýowar sebäpli dynç güni ýene çagalar bilen bolup biljek däl... Ýüzüne aýtsam, işden kowjak, emma içim razy däl, içimden başlyk bilen sanaşyp, ruluň başynda oturanymy unudypdyryn..." diýdi.

Ol oňa ynandy. "Polisiýa-beýleki diýmäli, yzyma düş, öz ussam bar, bar çykdajysyny çekýän" - diýensoň, yzyna düşdi.

Maşyny ussanyňkyda goýup, taksi tutmak üçin köçä çykanda bolsa, klasdaşy Isgender duşdy.

"Taksi gerek däl, bazaryň çüňkünde Myrryň minibusy dur, ol maňa garaşaryn diýdi. Şoň bilen gideris."

Isgenderiň Myrry diýýäni Myrat - olaryň klasdaşy däldi, iki klas dagy ýokarda okapdy. Ýöne ol aslynda olardan dört klas dagy ýokarda bolmaly, iki gezek dagy klasyndan galypdyr diýýärdiler.

"Hä, geldiňmi Isge?" diýip, ol Begenji görmedik ýaly bolup gep atdy.

"Geldim, Begge-de taksi tutjak bolup duran eken, maşynyny ussada goýupdyr..."

"Puly kän-dä oglanyň, taksi tutar ol" - diýip, Myrat ýaňsyly gep atdy. "Baýlar çagasyna iňlisçe öwretjek bolup, pul gysganmaz. Şeýdip olaryň çagasam biziňkiden baý bolar..."

Ol sesini çykarmady, sebäbi bu hili igenji ilkinji gezek eşitmeýärdi.

Şäherden çykyp, maşyny bir gyra sowup boljak ýer tapan batlaryna saklandylar. Myrry gapdalyndan bir ýerden iki sany bulgur bilen bir çüýşe arak çykardy.

"Sen-ä içýän dälsiň-le..." Ol eýýäm ýanyna sokulyp baran Isgä ýylgyryp, Begenje seretmän gep atdy.

"Ýok, siz arkaýyn keýpiňizi görüberiň" - diýip, ol şunuň ýaly ýagdaýda obadaşlarynyň aýdýan sözlerini ýadyna saldy.

"Bolman-da keýpimizi göreris" - diýip, Myrry hikirdedi. "Ýöne senem arak içmän, beýlekiden etmän, bizden uzak ýaşaryn öýtme."

"Arak-beýlekini goýasana, ol kakasyna ’ýagly palaw iýýäň, etli gutap, manty-börek iýýäň’ diýip igenýämiş-ä" - diýip, Isge güldi.

"Wah, o naharlary tapsam, gündiz däl, gije-de turup iýjek-le." - Myrry ýene çylkasyz hikirdisini etdi.

Begenç sesini çykarmady. Olar ilkinji bulgury başa çekdiler-de, gyssanmaç agyzlaryna sogan-beýleki dykdylar.

"Sen metjitde-dä görneňok?"

Ol öýe ýetmäge sabyr-kanagat tapman, howlugyp, minibusyň üstünde arak içip oturan adamyň metjit hakynda sorag bermesine geňirgenjeginem, soraga jogap gaýtarjagynam bilmedi.

"Hawa-da, ilki işde işlemeli, soň hususy sapak berýäň, iňlisçe öwrenjek çaga kän, eliňem degýän däldir..."

Ol bu sözlere sypaýyçylyk üçin ýylgyran boldy.

"Okuwy gutaryp geleňde, kakaň köneje maşynyny sürýärdiň, arada görsem, täzeje maşynda..." Myrry ikinji bulgur aragy başyna çekip, gürrüňini dowam etdi: "Tüweleme, ’oglan gurplanypdyr, başga zada baş galdyrman işleýär’ diýip, öz ýanymdan begendim."

Ol "sag bol" diýdi. Emma bu aýdylýan sözlerde begenje garanda başga bir zatlar agdyk gelýän ýaly duýuldy.

"Öň, şäherdäki türk mekdebine gatnap başlaňda, awtobusda başyňy galdyrman kitap okaýardyň... ’Eli kitapsyz wagty ýok, hajathana-da kitap äkidýär, türk öwretmeni ýoldan çykarypdyr’ diýýärdiler."

Begenç Myrrynyň özüne diýmeýän ýaly edip aýdan sözlerine ýylgyrdy.

"Daşary ýurtda okuwy gutaryp geleňden soň, ’gulagyndan nauşnik aýrylanok’ diýýärler. Saz diňleýämikäň diýipdirler, emma sen audiokitap diňleýän diýipsiň. Şol çynmy?"

Ol baş atdy.

"Beýdip, bor-bolgusyz ýüz kitap okanyňdan, bir Gurhany okasaň ýeterlik dälmi?"

Ol bu soraga jogap bermedi. Myrry bilen Isge ýene-de bir bulgurdan başa çekdiler. Ol "indi ýöräýsek bolmazmy?" diýmek isledi, emma bir ýakymsyz söz eşiderin öýdüp çekindi.

"Bir zat diýjek bolduňmy?" diýip, Myrry sorady. Ol başyny ýaýkanyndan soň bolsa, "Ýadyňdamy, oglanlaň biriniň doglan gününde Magtymgulydan goşgy okapdyň? Ýatdan aýdypdyň, "Näme sen?" diýýämidi?"

Ol çala ýylgyrdy. "Hawa, şo mahallar Magtymgulyny tas ýatdan bilýärdim."

"Indi bileňokmy?"

"Gaýtalamamsoň, ýadymdan çykyşypdyr."

Myrry burnuna salyp, bir zatlar hümürdedi.

"Begge indi iňlisçe okaýa, Magtymgulyny näme etsin? Aýdym diňlände-de, biz ýaly Nury Kasoýy diňlänok, Frank Sinatra diýilýäni diňleýä. " - Bu Isgenderdi. - "Can I steal a little love... Bu ’birazajyk söýgi çilip bilerinmi" diýmekmiş, he-he..."

"Indi ýöräýsek bolmazmy?" - Ol ozal aýdyp bilmän goýan sözlerini aýtdy.

"Ýöräli, ýöne ilki goňşy oba sowlup geçeli. O taýda ýüz tapsak, eglenmegimiz hem mümkin" - diýip, Myrry Isgäniň egnine kakyp, ýasama güldi.

"Eglenjek bolsak, men öýe telefon edeýin, alada etmesinler" - diýip, ol jübüsinden telefonyny çykardy.

Myrry onuň eline ýapyşdy: "Telefon etme, bir gije başga ýerde ýatanyň bilen, hiç zat bolmaz. Toý edeniňe iki ýyl boldy, gelniň garny gäbermedi barybir..."

Ol ýerinden turdy.

"Men pyýada gideýin oglanlar, her kimiň öz ýoly, öz durmuşy bar..."

"Ýok, gitmersiň, meň entek aýtjak zatlarym bar" - diýip, Myrry onuň egninden gödeklik bilen aşak basdy.

Ol entek beýle ýagdaýa düşüp görmändi we näme etjegini bilmän, aşak oturdy.

"Biziň saňa ýamanlygymyz ýok, ýagşylyk etjek bolýas" - diýip, Isge ara goşuldy. "Myrry her hepde aýallary, garrylary haýyr tapylýan ýerlere zyýarata äkidýär. Üsti gyzyl el, oçura durýa adamlar. Arada sen ýadymyza düşdüň, ’gelni bilen köne tümmeklere, öwlüýäläre ýykylmaga äkideli, sogap gazanaly’ diýdik."

Ozal gelnine bu maslahaty beren aýallar, hatda ulugyz-da bolan bolsa, oňa entek beýle teklip eden erkek bolmandy. Ol bu hili teklibe erkek adamlardan, onda-da öýlerine barmazdan öň maşynda arak içýän klasdaşyndan garaşmandy.

Gelni bir gezek, şunuň ýaly, "bolmasa köne tümmeklere-beýlekä ýykylsaň bolmyýamy" diýip maslahat beren goňşy gyza "Etegim gum bolar öýdýän" diýip, içiniň ýangynjyna kinaýaly jogap berenini gürrüň beripdi.

Ol käbirleriniň hemme meselede ekspert boljak boluşlaryna, ýa-da öz pikir edýän zatlarynyň başgalar üçinem doly dogrudygyna ynanyp bilişleriniň sebäbine düşünmeýärdi. Kakasy muňa okuw-düşünjesizligiň birinji alamaty diýýärdi.

"Hawa, näme diýýäň?" - diýip, Myrry mylaýym sorady.

"Oglanlar, biz sebäp zamanasynda, ylmy-tehnikanyň ösen internet asyrynda ýaşaýas..."

"Bes et takalyňy, biz seniň klasyňdaky burny sümükli çagalar däl" - diýip, Myrry hemleli gygyrdy.

"Özüň utansaň, gelniňi ejeň ýa aýal doganlaryň bilen iberäý" - diýip, Isge ýene ara goşuldy.

Ol başyny ýaýkady.

"Men aýtdym-a saňa ’kejeňekdir’ diýip." Myrry Isgä-de azgyryldy.

"Kejeňeklik däl, agam, men internetden okap..."

"Kes, kes sesiňi" - diýip, Myrry jynssyz gygyrdy-da, gapdalynda goýan arak çüýşesine ýapyşdy.

Ol kellesinde döwlen çüşýäniň zarbyndan ilki bir gapdala gyşaran ýaly etdi, ýöne derrew dikeldi. Şol wagtam onuň kellesine ýene bir gaty zat degdi, özem bu gezek döwülmedi. Şondan soň ol gözüniň garaňkyrap, essiniň aýylyp barýanyny, ýanyndakylaryň bir-birine bir zatlar diýip gygyrýanyny, emma özüniň hiç sözi aýyl-saýyl edip bilmeýänini serinde aýlady...

Ol gaýtadan gözüni açanda daşarda, guran gamyşlaryň arasynda, ýerde ýatyrdy, maşynyň içinde üstüne gygyran obadaşlary bolsa gapdalynda bir zatlary maslahat edýärdi. Emma ol olaryň aýdýan sözlerini aýyl-saýyl edip bilmedi. Onsoň "Ölmek hak, dirilmek - hakdyr" diýip, Magtymgulydan iň gowy görýän setirlerini ýatlady, emma daşyna çykarmagy başarmady.

Magtymgulydan gowy görýän goşgulary barada gürrüň edende, türk öwretmeni oňa degşip: "sen öňki ömrüňde professor bolansyň" diýerdi.

"Dinden çyksaň çyk, ilden çykma" diýipdirler, ilden çykdy bujagaz, almytynam aldy..." Ol Myrrynyň indi köşeşen, ýöne öýkeli sözlerini aýyl-saýyl eşitdi.

"Küren obada ne şundan öň, ne-de soň awtobusda kitap okan ýokdur. Şondanam adymyz "Okuwuranyň klasdaşy" boldy." - By Isgenderiň sesidi.

"Ýadyňdamy, rowaýatjyk aýdan bolardy: ’Husyt bilen göribiň öňünden ýaradan çykyp, haýsam bolsa biriňiziň näme dilegi bolsa bitirjek, ýöne beýlekiňize şol dilenen zadyň iki essesini berjek diýenmiş welin, görip bilen husyt ’sen dile-de, sen dile’ bolup, biri beýlekisiniň köp zat almagyny islemän, uzak gün çekeleşipdir, ahyrynda görip ’meniň bir gözümi köwle’ diýipdir.’ He-he..." - Bu Myrrynyň sesidi.

"Bize görip diýjek bolýardy-da..." - Bu Isgedi. "Biz onuň daşary ýurtda okanyna göriplik edýärmişik, he-he..."

"Okap, pygamber çykandyryn öýtdi. "Jenneti her kim özünde tapmaly, dowzah her kimiň öz kalbyndan başlanýar’ diýipdir bir gezegem." - Bu Myrrydy.

Ol setanda-seýranda okan kitaplaryndan eden zyýanlyksyz gürrüňleri öz başyna beýle armanly ölüm getirip biler öýdüp, hiç wagt pikir etmändi. Ýogsa kakasy bir gezek, "Jemgyýetde ýaşap, jemgyýetiň dertlerinden üzňe bolup bolmaz, oglum. Bilýän, sen bu deň-duşlaryň ýaly bolup bilmersiň. Emma awtobusda kitap okaýanyňy hatda bir muggallymyň hem ýaňsylady. Ýeke çykana ’ýeke tezek’ diýýändir biziňkiler, bolmasa görünmejek ýerde okaý kitaby" - diýip, çalarak jylawyndanam çekipdi.

"Gadym adamlar her bir adamyň ölenden soň ýene dirilýändigine ynanypdyrlar" diýip, ol özüni süýräp gamyşlygyň içine getirip taşlan obadaşlaryna aýtmak isledi.

"Muňa menem ynanýan. Eger men indiki ömrümde, aradan kän wagt geçmän, şu obada, şu etrapda dogulsam, siziň eden jenaýatyňyz açylar... Eger adam armanly ölse, öldürilen ýerine golaý bir ýerde doglan bäbägiň bedeninde gaýtadan yzyna gelýärmiş..."

Ol öz pikirinden tisgindi. "Kitap okaýa, kitap okan bolýa" diýip, öňki ýaňsylanlary azmy?"

Ol ilkinji gezek daşary ýurda gidişini, uçarda torbaly söwdagärlige gatnaýan ildeş aýallaryň özüni ýaňsylan bolup gülüşlerini ýatlady-da, ýene edil şol wagtda bolşy ýaly utandy.

Soň, her gezek tomusda dynç alşa gelende, ol aýallar oňa daşary ýurtdan getirýän artykmaç agramly ýüklerini geçirişmegi üçin basyş görkezerdiler. Kakasy oňa ’iliň goşuny alaýmagyn, içinden näme çykjagyny bilip bolmaz’ diýensoň, ol bu haýyşdan kes-kelläm boýun gaçyrardy.

Ol aýallaryň arasynda her hilisi bardy, käsi sypaýyrak haýyş edýärdi, käsi bolsa, edil gapy guluna duşan ýaly, haýbat bilen, etseňem edersiň, etmeseňem diýip, iýäýjek bolýardy...

Ol, jenaýatçylaryň üstüniň açylmagyny her näçe islese-de, bu görgülerini indiki ömründe hem gaýtalamak islemedi, hiç islemedi...

Onuň pikirlerini uzakdan eşidilýän it sesi böldi. "Beh, bu meň itimiň sesi ýaly-la?" diýdi. "Wah, janawer, ýüregi syzdymyka? ’Iti bilen gürleşýärem’ diýip güldiler" diýip, ol kineli oýlandy.

Obanyň ýokarsyndan geçýän köçäniň gyrasynda, öýlerinden ençeme kilometr uzakdaky gamyşlygyň içinde jan beren oglanyň soňky deminde duýan zady daşynda alakjap, adam dilinde gürläýjek-gürläýjek bolýan, emma ýüzüniň gatan ganyny ýalamakdan başga hiç alaç tapmaýan alabaýyň gyzgyn demi boldy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024