Surat

Jennete barýan Jennet gelneje

"Bir aýralyk, bir ölüm" kitabyndan

Öten agşam täsin bir düýş gördüm. Jennet gelnejem özi ýaly bir topar aýalyň arasynda durmyka diýýän. Başlary ak ýaglyklyja. Özem jedirdäp: "Jennete barýas, Baýramgül jan, jennete barýas" - diýýämikä diýýän.

Oýanyp, Aşgabada, ejeme jaň etdim, düýşümi gürrüň berdim. Görgüli, bir ýyl ozal ýogalan eken.

Men "kim ol, nämäňizdi?" - diýen manyda seredendirin-dä, Baýramgül dowam etdi.

Enemiň jan ýaly jorasydy. "Gözel jora!" - diýip, eli boşansa, ýaz ýaly ýylgyryp, enemiň ýanyna çaýlaşmaga gelerdi. Atam pahyr uruşdan gelip, köriçegeden ýogalansoň, dört çaga bilen galan enemi özüne höwür görendir-dä...

Ýeke özi, restoranda nahar bişirip, ýedi çagany ulaltdy. Ýadymda, "ir sagat bäşden soň awtobus duralgasyna barsaň, Jennet gelneje durandyr" - diýip, gürrüň ederdiler.

Ol irden işe gidip, agşam sagat onlardan soň hem dolanyp gelerdi. Enem bilen bileleşip, göle bakardy. Enem göläni howluda saklardy. Köçe süpürýän ýerinde mikroraýon ýaşaýjylarynyň özi üçin çykaryp goýan gaty çöreklerini getirip, gapydaky mallara saman-beýleki bilen garyp berende, şäriklikde bakylýan göläni gowurak iýmlärdi. Jennet gelneje bolsa, restoranda agyzdan galan gaty çörekleri ýygnap getirerdi.

Ol meniň joram Gülüşgäniň ejesidi. Gülüşge onuň iň körpesidi. Ýöne men Gülüşgäniň kakasynyň haçan, nämeden ýogalanyny bilemok. Bilmedim näme üçin, Gülüşge bilen jora bolsagam, onuň kakasy barada hiç gürrüň etmändiris. Gynandyrmajak bolandyrys-da.

Ýöne ol biziň obamyz ozalky Budýonnyý kolhozyndan häzirki ýerine, Uçaska göçürileninden soň, ýagny 1960-njy ýyllaryň ortalarynda ýogalan bolmaly. Sebäbi, olaryň hem biziňki, beýleki uçaskalylaryňky ýaly ’plan jaýy’ bardy. Ýöne olaryň jaýynyň bir otagy biz mekdepde okaýan ýyllarymyz düşeksiz, boş durardy. Emma örän arassady.

Ol uly ogluny öýermek üçin guda bolanda, öýüňi görmäge barjak diýipdirler. "Geliň, görüň" diýipdir. Dildegşir goňşy bolup ýaşaýan eltisi oňa öz dulundaky artykmaç düşekleri görkezip, "şulardan äkit-de, öýüňi görýänçäler, boş otagyňa düşäý" - diýipdir.

Göz öňümdejik dur: "Ýok, bolşumy bolşum ýaly görsünler. ’Bir otagynda düşegi ýok eken’ diýip, gyz bermeseler, bermesinler. Iki gün eltimiň düşegi bilen düşekli bolup, ýalan sözläp biljek däl. Bendesinden gizlediň-dä, hudaýy nätjek? Onsoňam, gyzlaryny gelin edinjek bolýan-a, ol ertir meniň öýümde ýaşamaly ahyryn. Bolmanda içinden ’iliň düşegi bilen gözümize çöp atdy’ diýse, haýrymmy?" - diýip, enemiň ýanynda jedir-jedir edip gürrüň berýärdi.

Men enemiň, Jennet gelnejemiň mekdepde rus dilinden ekzamen tabşyrmanyny bilýän, emma olar köplenç rus dillileriň gol astynda işlemeli, çaga eklemeli bolupdylar. Işde bolsa, her hili ýagdaý bolýar. Bir gezek onuň gaty gaharynyň gelenini hem gördüm.

"Bilýäňmi men näme diýdim ol başlyk heleýe, jora jan, ’idi, k çýortu’ diýdim. Asyl dermanyny tapaýan ekenim. Emi-ýomy şol boldy. Dynaýdym. ’Ol eýle, bu beýle’ diýip, yrsarap ýürege düşdi. Bişiren naharyňam bal edip iýýär. Şol iki sözi diýelim bäri golaýyma gelse nädersiň. Emma şony diýmejek bolup, ilki kän diş gysdym..."

Görgüli, çepiksijedi, hordy. Emma durşuna gujur bilen gaýratdy. Bu dünýede düzüw ýaşanyň o dünýesem düzüw bolarmyş.

Ejem "Begenjini şoňa baryp, saňa aýdyşyny" - diýip, ilki geň galdy. Soňam "Jennete Jennet gelneje barmasa, kim barjakmyşyn?" - diýdi.

Bu Baýramgülüň hekaýasy, men diňe kagyza geçirdim.

Washington, oktýabr, 2015.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024