Gözel enäniň protesti
Bagyrly Gözel Saryk gyzynyň ýadygärligine. "Bir aýralyk, bir ölüm" kitabyndan
Ogly agtyk giýewisiniň ak altynjysyny sürüp gelip, howluda maşyndan düşende, Gözel enäniň ýüregi bir bolmasy işiň bolanyny syzdy. Ýöne ol maşynyň eýesi baradaky soragyna anyk jogap alyp bilmedi. Ilki oňa ’biraz ýazuw-pozuw işi bar, öýde oturyp işlemeli, eli boşaşsa gelip, maşynyny äkider’ diýdiler. Soň ýene bir zat diýdiler.
Emma iki gün geçdi, üç gün geçdi, maşynyň eýesi görünmedi. Oňa derek ’ýazuw-pozuw işi bar adamyň’ hat ýazýan maşynkasyny we gutarylmadyk ýazgyly kagyzlaryny hem alyp geldiler.
Gözel ene ’göniňizden geliň, maşynyň eýesine näme boldy?’ diýdi. Aýtdylar. Ol üstünde oturan düşekçesiniň gyrasyny serpip: ’Getiriň, şu ýerde poluň gapagy bar, salyň aşagyna, üstünde men otursam, otura garryny gozgap durmazlar’ diýdi. Onuň diýşi ýaly etdiler.
Şol günden soň, agtyklarynyň biri aýtmyşlaýyn, onuň ’işi köpeldi’, her gün gelýän gazetleriň birinji sahypalaryny ozal görülmedik bir görnüşde ’okamaga’ başlady.
Gözel ene Berzeňňide, körpe oglunyňkyda bolýardy. Adamsy 1945-nji ýylda, uruşdan gelip, dördünji çagasynyň doglanyny görmän, köriçegeden ýogalypdy. Uly ogly Garabekewülde doglupdy. Adamsy urşa gitmezinden öň Gökdepede, Farapda hem ýaşapdylar. Ol agtyklaryna atalarynyň Gökdepeden Aşgabada, teatrda oýun görmäge getirişini, gelnini okadyp, doktor etjek bolşuny gürrüň bererdi. Adamsy urşa Aşgabatdan, Budýonny adyndaky kolhozdan gidipdi we çagalary adam etmek Gözeliň boýnuna galypdy.
Ol ’galoşly suwuň içinde işläp, guragryly bolanyna’ gynanmaga diňe segsenden geçip, otura bolandan soň wagt tapypdy. Ýöne indi onuň wagtynyň esasy bölegi ozal hiç wagt etmedik bir işine, gündelik gazetleri ’okamaga’ gidýärdi.
Agtyklary onuň bir diýenini iki gaýtalatmaýardylar, gündelik gazetleri bolsa, her gün irden diýdirmän, soratman ýanyna getirýärdiler. Ol olary eline alman, gapdalynda goýup, başam barmagynyň dyrnagy bilen, her gün birinji sahypada suraty çap edilýän adamyň gözleriniň üstünden gatyja basyp, ozal hiç wagt okalmadyk bir görnüşde ’okaýardy’ we ’Näm üçin tutduň ony, goýber derrew” diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdeýärdi.
Agtyklary eneleriniň ’okan’ gazetlerini aýryp, indiki ulanyljak ýerine taşlanlarynda, hemişe gazetiň baş sahypasynda suraty çap edilýän adamyň ’oýulan’ gözlerini görüp, çalaja ýylgyrýardylar.
Gözel ene şeýdip alty aýlap gazet ’okady’. Emma alty aýdan soň maşynyň eýesi geldi-de, hem maşynyny, hem hat ýazýan maşynkasyny, hem ýazyp gutarmadyk zatlaryny alyp gitdi. Şondan soň Gözel ene gazet okamasyny goýdy.
Haçanda agtyklary bilgeşlin, nädýärkä diýip, gündelik gazetleri ýanyna taşlasalar, ol gatyrganyp: ’Äkidiň ulanylýan ýerne, meň ýanyma getirmäňiz näme bulary?’ diýip, çyny bilen käýinýärdi.
1995-2014. Aşgabat-Waşington.