Uly delil, beýik pikir gözleme
Uly delil,
beýik pikir gözleme,
ynandyrjak bolup adamy çyndan,
uly seýrek uly pikre düşünjek,
ýa biderek paralama bagryňy,
gözün açjak bolup iki elini
ýüzüne bek tutup, ýatanyň gaty,
görjek adam görer daşdan, alysdan
düşüner düşünjek, sensizem aty
eşege çalyşmaz bedew diýseler,
ýa-da girmez suwdan çykyp läbige,
ne çykarsaň garbap almaz horjundan.
Uly delil,
beýik pikir gözleme,
adam ownuk gep-gürrüňe ynanar,
ýa delil däl, ýöne aýdylan sözi,
doga ýaly gaplar ýürege, kalba,
hassa bolsa, göwünlik ber, ölene
jennetden jaý dile, iman dile kän,
çäresiz ýeriňde haky günäle,
hudaýa at, şondan gelýär-ä ajal,
ýazany diý, göterer ol baryny,
hemem adam gaty görmez taňrydan,
çeker eger şondan geldi diýseler,
ýa-da ejizligin boýna alandan,
ýaradan ýazykly bolsa köşeşer,
hatda iň dyzmajam yzyna teser.
Uly delil,
beýik pikir gözleme,
belki-de özüňem ullakan dälsiň,
ulalan ýalaky bolsaň-da daşdan,
belki pula ýa-da çapýansyň ada,
ýogsa nämä gerek gerek däl günüň,
öz-özüň bazara salyp ap-arzan,
ýa itiň mugtuna satmaklyk sada,
sagadyndan ýeňil kelleli birne,
uly delil,
beýik pikir gözleme,
ýa-da tapyp, berjek bolup el serme...