YouTube masgaraçylygy
Diletenta biri ýazypdyr, "...aga,
türkmen dilin gaty gowy bilýäňiz,
ulanýaňyz" diýip, ýüregi bilen,
başga birniň çykan zadyn ogurlan,
ak girse-de, aň girmedik diýleni,
diýmändir ýok, meniňki däl makala,
belki, az däl, artyk bolup akyly,
sesini çykarmaz eýesi diýip,
dilsiz ilde gypjyn-gypjyn oturan,
pikir etmän bolar öýdüp işine,
ýurt daşynda gözün dikjek gutaran...
Diýipdir ol dil milletiň birligi,
bitinligi, emma ýitirdik ony,
garaşsyzlyk ýyllarynda, dagarman,
ýok diýmändir egri ýazar okyja,
dil ýitenok, meniňki däl o sözler,
çünki diýse, adam boljak azajyk,
lakamyny bozup başga biriniň,
özüne bap lakam goýup, aslynda
il üçin däl, şöhrat üçin atlanyp,
başgaň bagyr azabyny talaýan,
žurnalistmiş, ýazyjymyş, şahyrmyş,
meger, şondan kän türkmende aglaýan.