Ýeňlen duşman
Ýeňilende garşydaşyň,
bir adam ýa topar bolup,
döwlet bolup kagyzdaky,
iş ýüzünde ogry-jümri,
diýjek bolup mamla däl sen,
bile-göre mamladygyň,
sürer iki, üç nökerin,
on nökerin, KGB-si,
prokuror, kazy bilen,
iň ýamany, seniň özüň,
sözle diýer biraz ýalan,
ýogsa döwler el-aýagyň,
awariýa borsuň, pylan,
ýeiňilende güýçli duşman,
utanmaz, hiç haýa etmez,
etdirjek bor seni puşman.