Duşman meselesi
Eger duşman bilseň birini çyndan,
ýa-da biri duşman edinse seni,
hiç köşeşip bilmän, aslyşyp mydam,
elinden iş gelse ýa-da gelmese,
bardygyny, niýet-pälin ýatlatsa,
amatyny peýläp, gözleme pursat,
onuň özi aýdar urmaly wagtyn,
ýerini, eger-de urasyň gelse,
hapalasyň gelse eliň, aýagyň,
ýa bolmasa garaş, ýaşa-da gowy,
işiňi et, iň esasy mesele,
gaçar ýaly onuň murtunyň towy.