Olaryň “beýik atasy”

Olaryň “beýik atasy”
azatlygmy çildi meniň,
saldy hapa türmseine,
Gurbanbibä daýanyp;
aldy meniň watanymy elimden,
ganhor KGB-sin salyp yzyma,
aýyrdy enem-atamdan,
dogan-gardaş, dost-ýardan,
Käbäm amanadyn tabşyrdy ýanyp...

Olaryň “beýik atasy”
diňe azatlygmy däl,
watanymy däl diňe,
ildeşlerim ogurlady,
dildeşlerim ogurlady,
indi görýän, düşünjek ýok dilime;
Olaryň “beýik pederi” -
ölensoňam böwet aňa, bilime.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019