Surat

Sapar nostalgiýasy

Wah, o geçen gowudy-la,
ýurt içinde hyşy-wyşy
gowşasa-da, ýatmady hiç,
wah, o giden gowudy-la,
ýurt daşynda hyşy-wyşy
baş galdyrýar, toplaýar güýç,
aýdypdyr il, bilýän-de bar,
düýä münüp, näçe bukul,
gizläp bilmez howudy oň,
aýap goýmaz wagtyň oky...

Tötänlik däl, okaýan bar
setirlerin, şahyr diýip,
ýazyp berlen sagdan, soldan,
arak, tirýek puly üçin,
gülki bolan bütin dünýä,
gülki eden neberesin,
gelýän bagty sowan ýoldan,
kowan yza, apalanýar,
il beýnisi ýene ýuwlup,
ýene beter hapalanýar...

Goý, kim bolsun arkasynda,
kim gepletsin, haýsy dilde,
wah, o giden gerek diýýän,
ynanýarmy öz sözüne,
öz gözüne, aýna bakyp,
ynanmak kyn hiç ynanjy
bolmadyga, galmadyga,
eli bagly, dili bagly,
gorkusyndan huşy giden,
bilýän ýetik, agdyk howly,
şo şahyrdy zyndan eden,
bütin ýurdy ykdysady,
ýek ýigrenen okuw jaýyn,
ýazanlary ýüreginden,
ogurlykdan alman paýyn...

Wah, o geçen gowudy-la,
ýurt içinde hyşy-wyşy,
gowşasa-da ýatmady hiç,
wah, o giden gowudy-la,
ýurt daşynda hyşy-wyşy,
baş galdyrýar, toplaýar güýç,
dil çolagy – il ahwaly,
ýurt ýagdaýy, beterleşýän,
garyp üçin, günbe-günden,
bu nämäniň alamaty,
gurulýarmy täze gapan,
täze duzak azaşana,
okamadyk gerek wagty,
ýa görmedik nirde ýagty,
aç galana orta ýolda,
çagalary ýetim, ýesir,
bardyr diýip beýik Alla,
aglaýan il düşünmeýär,
hemem diýýär hawa, walla,
bela boldy Sapar döwri,
ölen öldi, galan galdy,
bükgüldide mydam böwri...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026