Neresse duzagy
Olar bagtly bolan bolup oýnaýar,
ýylgyrýarlar ýalan, ýykylýan ýurdy,
bir gije däl, ýuwaş-ýuwaş, otuz ýyl,
gurujylar bolup, boşadyp kem-kem,
tussaglary, hassalary, bosguny,
dul galany, ýetim galan çagany
ýatladany duşman saýyp, ýigrenip,
begenýärler iller dymsa gorkudan,
talaýarlar göz-görtele milleti,
sylag berip bir-birine bilýänin,
görýänini görseler-de, gözünde
gaýgy dag dek adamlary äsgermen,
olar dinli, imanlynyň rolun,
ynsaplynyň roluny oýnaýar,
duşman bolup öz-özüne, sylagly,
hormatlanýan adam atlaryn berip,
bilseler-de her gün agyzdan çykýan,
ýa gulaga degýän owadan sözler
hakykatda nädip toslanýar, halat,
serpaý bolup galat begiň egninde,
soň ýük bolýan ýürek-bagra sähelçe,
ýalňyz galyp pikir etse, seretse,
olar bilýär biwagt ölse egindeş,
hem ony däl, özün saýýar neresse...