Içýan tebigaty
Içýan bolan çakar seni,
sen duzumy iýdi diýme,
diýme biraz pikirdeşdik,
ýa-da uzak ýoldaş bolup,
kynçylygy çekdik bile,
göterişdik agyr ýüki,
agzybirlik gerek ile,
ganda-pyçak ýaşaýyş däl,
oňuşmaly dili barlar,
gürrüň edip, ýaragly däl,
diräp böwre, bokurdaga,
bu logika işlemeýär,
içýan bolan çakar seni,
ýazylan bu kitabynda,
almaly ol almalysyn,
etmeli ol öz işini,
gerek zadyn bermeli sen,
ýa ýeňseden gelip urar,
ýa ýüzbe-ýüz garşy durar,
tanap, bilip, deň bolmarsyň,
ýa güýjüň pes, çola daşyň,
gynanarsyň ilki, dogry,
ýöne soňra düşünersiň,
üýtgetmersiň adamy sen,
ýaşan günüň üýşenersiň...