Ýurt sözi
Aýtjak bolup öwrenmedik sözümiz,
oglan bolup, ýüregimiz ak bolup,
kä zatlary aýdyp, diýip, belki-de,
aýdylmaýan, dymylmaly ülkede,
ýaşamaly ýaşmak iýip owadan,
ýa ölenden beter bolup ölmeli
bolan ilde doglup, gözümiz açyp,
görjek bolduk aňyrsyny takyryň,
ýagyş ýuwan, tüweleýler turanda
peşmekleri göge uçup, tans edýän,
pursat boldy, gaçyp-tezip oturdyk,
soň geçene göz aýladyk azda-kän,
giň sähranyň bizden ozal kän oglun,
gyzlaryny bagra basyp aglanyn,
aglaýanyn görmek üçin göreç biz,
sessiz aglap, aýna bolduk özümiz,
bolmasak-da başga bir zat, görjege
galar, ölmez ýurt edinen sözümiz...