Adamy tanamak kyn diýrler, emma...
Adamy tanamak kyn diýrler, dogry,
aldap biler käte aldawçy görnüş.
Emma ýolda-yzda gözüňe ýaran,
göwnüňe oturan “ýagşyzadalar”,
ýüzüňe ýylgyryp, gözüňe gülüp,
sözi bilen dyzan ýürege, kalba,
açar özün derrew oýnasa karam.
Adamy tanamak aňsat däl, dogry,
ýöne käte şondan aňsat zat bolmaz.
Sen adamyň bakma oturan ýerne,
ýa belent sözleri aýdyp-diýşine,
adam tiz tanadar, kim bolsa bolsun,
sözüne däl, garap görseň işine...