Men bu derdi hiç aňlaşyp bilmedim
Türkmen diýen bolýan watançysumak,
millet diýen bolýan kändi çenimden.
Bir tapyrdy boldy, çolardy daşym,
“Aşak otur” diýip, çekip ýeňimden,
emedekläp gaçan haýsysy munuň,
o tarapa geçen haýsysy munuň,
o tarap, bu tarap, ikisem göýdük,
duzun datman iýdik, ýalaman doýduk,
emma şindem lasyrdap dur gazanlar,
toý tutuşyp, gyzyl däli azanlar,
azmadyklar arzuw edýär azmany,
meger, munda şunuň üçin az many!
Meger, türkmen şunuň üçin ýukalyk,
wezipäniň yşgy, ogurlyk yşgy;
Sowatsyzlyk, şermendelik, pis gylyk,
hem ahyrky, hemem derdimiz başky…
Biljek bolan eger-eger halanmaz,
bilmejegi götererler gop berip.
Biziň iller şunuň üçin galynmaz,
hem ýatanyn gizlejek bor gopbaryp...
Nadara gygyrar gygyrmasyzlar,
köp bolup geçerler daşyna ýekäň.
Şeýde-şeýde galňar barar gasynlar,
içi-bili gider ýomudyň, tekäň...
Men bu derdi hiç aňlaşyp bilmedim,
hiç aglaşyp bilmedim,
aňlaşmalylar bilen,
aglaşmalylar bilen...
Gan ýaşyma düşünmedi birisi,
kellesi kisede, eli gapjykda.
“Ýegen, bu milletiň az - diýp - dirisi!”
Jomart daýym pent edipdi Gypjakda…
Türkmen diýip ýazýan, gaçýar ysgynym,
şu diýdigim üçin ýesir, bosgunam.
Golaý boldy ilden ýadu-keseki,
golaý-la Afrikaň algyr arslany,
hindiniň pilleri ýakyn-la, Alla,
küpür geplemäýin, ýok güne salma!
Ýata suwa urýar milletim meniň,
saralan suw erksizlikden, läbikden.
Nirde galdy oglan başym çak-çeni,
nirde galdy umyt baglan gämiklem?
Roman ýazjaklar topar-topardy,
sonet ýazjak, meger, ondanam kändi.
Bir tüweleý turdy. Peşmak gopardy,
küle sümdi ärler tamdyryň ýanda...
MK-a arza ýazyp, golly hem golsuz,
döwlet baýragyny almak adatdy.
“Halk ýazar”, “Halk artist”, “Il ýaşulusy”,
aşak-aşak egilmeklik ýadatdy…
Türkmen diýen bolýan, watançysumak,
millet diýen bolýan kändi çenimden.
Bir tapyrdy boldy, çolardy daşym.
“Aşak otur” diýip, çekip ýeňimden,
emedekläp gaçan haýsysy munuň,
o tarapa geçen haýsysy munuň,
o tarap, bu tarap, ikisem göýdük,
duzun datman iýdik, ýalaman doýduk.
emma şindem lasyrdap dur gazanlar,
toý tutuşyp, gyzyl däli azanlar,
azmadyklar arzuw edýär azmany,
meger, munda şunuň üçin az many!
1998-2001. Aşgabat, Moskwa, Bergen.