Köne goşgy

Maňa ak köýnek geýýän,
geýýän owadan penjek,
intelligent gerek däl,
ýaramaz pälli,
ýympyk bolmanda,
owadan gürleýän uzakdan-uzak,
hemem guran bolýan bolgusyz duzak,
bilen bolýan kän,
göçümi sansyz,
emma köpük görse, ýa şerap, börek,
zadyň, adyň yşgy eretse gar deý,
beýle dosty getirme hak, golaýma,
ondan maňa Aý bilen Gün golaý-la!..

Watan hakda ilden ilki gygyrýan,
ilden ilki gaçýan eken gyssagda.
Pikirdeşiň, frontdaşyň, kärdeşiň
bir dahylsyz, goluň bagly tussagda,
gara günde galsaň, tanadaýan eken,
gykylyk ýok ýerde ýaň edýän eken,
ýykylsaň hiç trubkany almaýan,
ýerden galan günüň jaň edýän eken...

Ýoldaş bolup hol arkada bukulýan,
öňe itýän hem oýnaman utulýan,
göreşmeli bolsa, dahylsyz bolýan,
duruşmaly bolsa, dahylsyz bolýan,
huruşda iki paýly,
iki paýly alyşda,
pikirdeşden bizar men,
bizar kärdeşden.

Beýle dostlar duşman alyp bilmese,
öňden awtomaty paýradyp atyp,
arkadan pyçajyk zyňýan ekeni,
ýürek bulamaga yňýan ekeni,
öýüňi ýykmagy oýlap, çenenip,
buzaw deý has aşak sümýän ekeni.

Ak köýnek geýmeýän, kän gürlemeýän,
eli jaýryk çopan syrdaşym meniň.
Goý, ylymy ýa diplomy bolmasyn,
düşüner ol meniň diýýän zadyma,
hem ýylgyryp oýnan bolmaz gop berip,
dymar alysdan,
ýakynymdan hile gurmaz bolmanda,
basga düşmez, boýy ösmesin diýip,
ýüzüme bir, ýeňsä başga söz diýmez,
oturar öýünde, çagyryp haky,
bolmanda içinden näyrza bolar,
adamsyz sährada sögüner gaty,
ýympyk şahyr ýa-da hudožnik deýin,
alym deýin, bar açyşy pul bolan,
içinden begenmez ýaman işlere,
daş degse hoş bolmaz alyn dişlere,
gözüme urulsa, güldürmez gözün,
ýüzüme durulsa, hoş bolmaz dözüp...

Maňa ak köýnek geýýän,
geýýän owadan penjek,
daşy jäjek, içi möjek, dogrusy,
intelligent gerek däl,
ýaramaz pälli,
şu gelen ýerimiz,
gaçan çukurmyz –
şolardan dälmi?!.
1998-2000, Aşgabat-Bergen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024