Terror tejribesi
Aç adamy, alňasany gorkuzmak,
dowla salmak aňsat bolýar hemişe,
dowla düşen aljyraýar has beter,
aňsat bolýar ony aldamak, itmek
ogurlyk ýoluna, talaň ýoluna,
uly, kiçi, hiç parhy ýok ýalanyň,
mesele ýalňyşan, kanuny bozan,
iş ýüzünde kezzap etmekde ony,
belki, basyp, goýbermekde bir gezek,
lal etmekde, gaýdyp geplemez ýaly,
gitmez ýaly baky başdan dumany,
boljak işi göz öňüne getirip,
kör etmekde, görmez ýaly görýänin,
gitseler-de bütin ömrün göterip,
KGB bu işi oňarýar gowy,
polisiýa, prokuror, kazylar,
şondan hukuk fakulteti arzyly,
şondan taryh fakulteti arzyly,
şondan okuw, bilim gömüldi diri,
beýni urşun, ýürek urşun gurýanlar,
daşyndan däl, il içinden urýanlar,
döwlet terror zynjyrynyň halkasy,
bilýär olar, ýolda talanan garyp,
aman galsa, diýer taňrýalkasyn!