Surat

Boýun alyş

Men nämüçin ýazýan, bilýäňmi, dostum,
men nämüçin ýanýan, aňýaňmy, duşman?
Seň üçin däl, özüm üçin ýazýaryn,
hem, elbetde, özüm üçin ýanýaryn,
ýakynlarym üçin, ýatlar üçin däl,
ezizlerim üçin ýanyp-bişýärin;
özümi çykarjak bolýaryn beýge,
özümi boşatjak bolýaryn ýüpden,
sebäbi ýadadym ýaşlykdan örän
deňsizlik ýolunda urulan ýükden
çaga gerdenime, çaga beýnime,
gulçulygy kabul edip bilmedim,
islemedim kaýyl bolup gezmäni,
ýa-da birin özüm ýaly ynsanyň,
aga bolup, adam bolman ezmäni.

Men nämüçin ýazýan, ýa ýanýan nämä,
elbetde, saňa däl, ozal özüme.
Ýöne ynan, diňe öz agym däldir,
ara-syra ýaş aýlansa gözüme!

Sebäbi men ýaly birleri ýazyp,
sebäbi men ýaly birleri ýanyp,
bizi şu ýerlere göterdi, çekdi,
sen bolsa gyrada duran bolýarsyň,
oýnan bolýaň göz güldürdi, iç ýakdy...

Her näçe üşeril gulagyň gerip,
gyjyrdysyn duýjak bolup dişimiň;
men bilýärin, nepi ýetýär il-güne,
ýalňyz özüm üçin eden işimiň!

Sebäbi ol azatlygyň aýdymy,
zynjyrlary gyrýan, döwýän gandaly;
men hiç haçan çekiç bolman zalyma,
boljak borun erkinligiň sandaly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024