Şahyr dyza çökse
Bizi satan o tarapa,
olary hem satýardy,
işleýärdi iki ýana,
ýetirýärdi habarlary,
özün gorap, geçip sana,
aýlyk aldy, jaýly boldy,
diýýärdik biz ýeser oňa,
günleriň bir güni tanşym
jaň etdi-de, diýdi maňa
habar geldi o ýeserden,
ýeserleriň iň ýeseri,
uly ile zyýan eden,
duz iýişip, şyltak atan
dostlaryna, sygmaz aňa,
ýogalypdyr, jaýlapdyrlar,
giç eşitdik, bardyk diýdi,
görnüp gaýtdyk öýlerine,
tanaýardyk aýalyny,
bir obadan bolamyzsoň,
görünmesek, aýyp boljak,
gynanýardyk üstesine,
gowudy ol, owadandy,
ýas tutupdy hossarlary,
gitdi diýip ýedi ýada,
öz gyzymyz, göwni akdy,
diýdi ejir çekip öldi,
hem oduna bizi ýakdy...
Goşgulary bardy, joşup,
ada gyzyp ýazýardy-da,
diýdi tanşym galam bilen
öz gabryny gazýardy-da...
Pikir etdim, bir setirden
başgasy hiç ýadymda däl,
gözlesem-de dil ujuna,
hakykdama gelmedi,
"Şahyr dyza çökse, gul bolar halky'' -
diýýärdi ol, arman çökmän,
gul men diýmän bilmedi...