Hassa we dert
Sen hassany bejermersiň,
dikeltmersiň ýatany kän,
derdin gowy görýän bolsa,
dermanyndan iki esse,
lukmanyna ynanmasa,
derman berse, gülen bolsa,
bilen bolsa artyk hassa,
derdi bilen dil düwüşip,
gitdi diýip çyksa öýden,
habar etse derdine ol,
geläý diýip garaşkyda,
galsa öňki päli bilen,
däli bolup däli bilen,
men däl, durmuş diýip asy,
eden emiň peýdasy ýok,
peýdasy ýok sözüň oňa,
sen hassany goý gijede,
islemese özi daňy...