Problema

Eger özüň boljak bolsaň,
galjak bolsaň özüň bolup,
öz ýasawyň, keşbiň bilen,
pikirlenýän adam hemem
deňeşdirýän, sorag berýän,
bolan bolman bek düşünýän
düşünmedik zatlaryňa,
bolarsyň sen problema,
ýama ýaly täze geýme...

Gykylygy töweregiň
gyssa gaçsaň, galmagaldan
gaçyp dymam adam bolman,
kaýyl bolman galjak bolsaň,
san däl, han däl, aralykda
demiň erkin aljak bolsaň,
diýjek bolsaň sözüň, gama,
hanjar bolup gyndan çykan,
bolarsyň sen problema,
mugt ýigrener adam bary,
hiç geň görme uly, kiçi
köýen ýaly bolsa ary...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026