Obadaş oýny
Kömek etjek bolup oba,
hem özüňe, kemakyl däl,
kyn ýagdaýa düşseň, galsaň,
samsyk saýsa her öňýeten,
oýnan bolup öz oýnuny,
eliň sowar, aýak sowar,
ýürek sowar obadaşdan,
sen özüňe gerek ýüki,
götereniň göterersiň,
emma artyk mümkin bolmaz,
goý, garaşsyn o birleri,
bu birleri dilin çeýnäp,
diýsin islän zadyn yzdan,
çekjek bolma onuň, munuň,
batga batyp, ýükün dyzdan...
Subut etjek bolma kimsä
kim sen, näme, bilmeseler,
görmeseler görkezeňde,
düşündirme eden işiň,
etjek işiň, gelmeseler,
söweş, emma gorama sen
her ýatanyň galasyny,
orup berme, üwäp berme
ekilmedik bugdaýyny,
gap getirme gallasyna,
biler özi ýagdaýyny...