Daşardaky darlyk
Jan çykar, hüý çykmaz. Türk pähimi
Belki, özi çykan tabşyryk bilen,
öz gözünden görýär bütin dünýäni,
a başgalar, başyn etege salyp,
serhet bozup, ölüp-dirilip telim,
zordan çyksa, dertde goýup yzyny,
bilenlerin aýtjak bolsa bukulman,
busup ýatyp, bolan bolýan edenli,
hem gabanýan Alyň ala meýdanyn,
gybat edýär, gep ýaýradýar aşakdan,
tanamaýan adamlaryn garalap,
bolan ýaly ibereniň ýanynda,
ýaralaýar ýaralanan ildeşin,
diýýär iberilen, bölmeli diýip,
adamlaryň arasyny, birleşip,
gürleşip oturan bar ýaly üýşüp,
söz bir ýana, iş bir ýana diýleni,
okan, bilen beýle batsa, neýlejek,
adam utanmasa, deňine düşüp,
ýüzüne ýa ýeňsesinden diýmegiň
peýdasy ýok, özüň bolýarsyň ownan,
namaz okan namazyna mynasyp,
galam tutan bolsa galama direg,
az bolardy iliň toýy däl, ýasy...