Ýazykly ýazyksyzlar
Dursaň agyr, gara ýygyn öňünde,
sowulyp bilmeseň sowuljak bolup,
ýa alaçsyz, gapyl galsaň, uruşsaň,
ýaragyň ýok ýaragyna barabar,
hudaý halap, sözüň bolsa galkanyň,
diri galsaň, işiň etseň ýalkanyp,
günäkärsiň ýeňileniň gözünde,
söweş meýdanyna gelmän, görünmän,
san-sajaksyz tomaşaçy kazy bor,
prokuror bolar arly, aýlyksyz,
sebäbi sen utandyrdyň köplügi,
gerek wagty özi bilip, gelmedik,
aýyp ýeri, ýaşaýan kän ýaşaman,
ýazykly bor olar üçin ölmedik...