Uruşdan soňky uruş
Sen özüňi bölüp-büçüp az-azdan,
ýa lükgeläp berme ile, bilmejek,
ýa-da bilip güljek, gürrüňiň etjek,
gowy bolan bolýar diýip ýeňsäňden,
ýa-de çekip öz deňine, beýge däl,
aklan boljak tomaşaçy bolanyn,
gora özüň, iň esasy beýniňi,
uruşdan soň urşuň turýan ýerlerin,
garymlara girip, ýaraly bolan
ýaşlygyňy galdyr ýerden, batgadan,
suw ber oňa, sowan elin, aýagyn
owkalaşdyr, dola tapan esgiňe,
ýuw ýarasyn ot başyna getirip,
syl gözünden ýaş syrygsa ahyry,
adam ölmez özün berip söweşe,
buz bolmasa umydyny ýitirip...