Ýaşaýyş ýaryşy
Ýaşaýyşy öwürdiler ýaryşa,
ýa bu başdan, öňden gelýän adalat,
güýçli bolan, birikdiren ejizler
toparçagyn, mätäçligi ulanyp,
ýa ulanyp päl-niýetin göýdügiň,
bir gysyma gysyp, ýumruk edinen,
ýarag edinenler ýeňmeli diňe,
belki, türkmen durmuş diýip has öňe
sereden hem gören boljak, geljegi,
düşünen ol üýtgemejek ahwala,
açgözlüge ahlak diýip satylan,
uruşlara basyrylgy kämahal,
a kämahal açyk, görüp bilene,
ýaşaýyş bu, seretmeýär aglana,
ýöne sesin goşýar käte gülene...