Surat

Çöl dramasy

Biri diýdi biziň ilde
dogan bilen ýola çyksaň,
bitirmäge möhüm işi,
bäş ädime, on ädime,
hiç menzile ýetmersiň sen,
ýa urşarsyň, durup agzyň,
burnuň bilen gan bolarsyň,
ýa-da urup han bolarsyň,
soň ol diýer sen git, gardaş,
men galaýyn, bolanok bu,
hudaý ýaryň diýer, galar,
başgarak ýol, ýoda gözläp,
bizden öňem şeýle boldy,
bizden soňam şeýle bolar...

Beýlekisi diýdi diňe
biziň iliň derdi däl bu,
dünýe şeýle, seret karta,
gör, kim kimiň guly boldy,
bolup bir din ýa bir dilde,
düşünişip bilmän öldi,
bir bolsa-da köki, düýbi,
dowam edýär bu henizem,
bolýar iller men-men diýip,
ýuwaş-ýuwaş alan-aldy,
hawa, diýdi ilki geplän,
dymdy olar, aýdylmaly
indiki söz içde galdy,
a soň birden, dälirän dek,
ikisi-de gaty güldi,
soň aglady olar bile,
hernä hiç kim ýokdy, çöldi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026