Öwredilen gylyk
Däli diýip, tentek diýip,
dönük diýip, diýip haýyn,
o millete dogry sözli,
düzüw niýet adamlary,
ady çykan iki-ýeke,
ýekirmegi öwretdiler,
öwretdiler ýigrenmegi,
düşünüp ýa düşünmedik
bolan bolup, gülen bolup,
ýaşamagy ýalan sözläp,
öwretdiler aglaýana,
bir nesil däl, iki, üç däl,
alajy ýok, indi görýär
netijesi agyr munuň,
beter boljak geljekde has,
hem boljak däl etjek halas...