Bentler

Zeýrenme başgadan, bilseň
Saýgarjak bol öz aýybyň;
Durmuş – umman, kenara çen
Çeker her kim öz gaýygyn.

***
Tamakin bolma adamdan
Ýagşylyga, hatda söze.
Başarsa kemsider egsik,
Bolmasa çöp atar göze....

***
Ejiz başga birne bolýan mahaly
Oýun ýaly garar durmuşa daşdan;
Özüne bolanda aljyrar, çaşar,
Hemem özün bulap urar ýanbaşdan...

***
Il içinde görüp, egni gysyga,
hem durana hemmäň öňünde gagşap,
gynandym, öýünde arslan ekeni,
aýalyna, çagasyna her agşam...

***
Adama hiç göwniýetmezlik etme,
ysnat diýme, iş gelmeýän elinden;
iň bolman gybata ökdedir örän,
öý ýykýandyr awy saçyp dilinden...

***
Kiçijik adamyň duşmanam kiçi,
Ulaldykça uly bolar duşmanyň;
Bu jahanda bolma iş etjek bolan,
Bolan bolsaň, bolmasyn soň puşmanyň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024