Surat

Synanmakdan gorkma

Ýykylmakdan gorkma,
Gork göreşe,
Ýa meýdana çykman ömüriňde bir,
Gypjyn-gypjyn bolup, galmakdan öýde;
Adam pikir eder,
Her hyýal bolar,
Gorkan özün öldir kellede, köýde.

Gorky, belki, iň eserdeň goragçy,
Hemem hajymelik, iýip doýmaýar.
Ajal diňe göreşeni alanok,
Öýde oturanam sylap goýmaýar.

Dogry, seljer her bir ätjek ädimiň,
Ýöne was-was bolma turup bilmeýän,
Tursa, aýak üste durup bilmeýän;
“Ony etsem, bu bolmasyn,
Muny etsem, o bolmasyn?” –
Diýip, soňsuz haldan gaçyp sökülme,
Öz üstüňe ölüm bolup dökülme!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019