Güýçsüz duýsaň özüňi
Güýçsüz duýsaň özüňi,
Duýsaň ejiz, alaçsyz,
Hemem hiç gözlemeseň
Güýçli bolmaň tärini,
Güýçsüz bolup galarsyň,
Erkekmiň ýa ärini
Depä çykaran aýal,
Güýje eýe çykmasaň,
Gelmez ol, etme hyýal.
Ýeke duýsaň özüňi,
Goldan ýok diýseň, dymsaň,
Gözlemeseň ýoluny
Diýmegiň hem bildirmäň,
Dymar galarsyň baky,
Duşmanyň alar şeýdip
Güýç-gurbaty sendäki.
Eger çäresiz bolsaň,
Çäre gözle, tapylar;
Çekilseň, gaçsaň yza,
Açyk gapy ýapylar.
Ýa garaşsaň birleri
Geler, çykarar daga,
Men senlik däl, git, oýna,
Ha ini bol, ha aga!