Ýaz goşgusy
Bagda güller açylýar,
Güle geljek näme bar?
Ýurda ýollar açylýar,
Ile geljek näme bär?
Onda hemme eneler
Enemiz boldy indi;
Onda hemme iniler
Inimiz boldy indi.
Gidenler, ezizlerim,
Görüp bilmän, garaşyp,
Al gül bolup açylýar,
Dünýä berip ýaraşyk!
Bu bir ykbal, gutulma,
Hile salma ýok oňa;
Gitmeli hem gelmeli
Ýaz çykanda yzyňa...