Surat

Biz indi on bäş ýyl daşda, alysda

Baýramsoltana

Öz başyňa düşen töhmetden, belki,
Ýat illere gaçyp, gutulyp bolar.
Ýöne il başyna düşen töhmetden,
Iliňe el salgap, diýmeseň: “Olar

Özüne mynasyp ýaşaýar, ölýär!”
Gutulyp bolmaýar, çekýärsiň ejir.
Emma muny bilmez aglaba köplük,
At dakar daşyňdan “hoçjetmi”, “kejir”.

Biz indi on bäş ýyl daşda, alysda
Göz dikýäris hoş habara Watandan;
Dogan-gardaş gypjyn-gypjyn bolupdyr,
Il diýeni gara şaýa satandan...

Ýöne şükür, hiç bir gije baky däl,
Käte garaşdyryp, agarýar daňlar;
Bize Watan derwezesin açjakmyş,
Çözüljekmiş düwün çigişik daňlan!

Içimden bir agy dyňzaýar daşa,
Ýüregimi iýýär egsizlmez azar:
“Wah, Eje jan, käbäm, baky hasratym,
Ir gitdiň-de bolduň mukaddes mazar!

Wah, Han aga, baryp bilmedik uzak
Garaşdyryp, bolduk baky masgara.
Diri gaçyp-tezip, gutulýar käte,
Ýöne ýüzde galýar bäşbarmak gara!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019