Asyl adam

Asyl adam bilýänini öwretjek bor iline,
Bilmedigin “bilýän” diýip, döşe kakyp, öwünmez.
Asyl adam özün öwmez, öwdürmez dost-ýaryna,
Ejiz, egsik nöker tutup, hapasyna düwünmez...

Asyl adam ilim diýer, özüm diýmez öňürti,
Ýarajak bor il-gününiň goragyna, berkine;
Ol her edip, hesip edip, depä çykmaz hiç haçan,
Ýöne ony depä çykan goýmajak bor erkine.

Biasyllar üýşüp-çaşyp, eýläk-beýläk geçerler,
Görjek bolup asyl äriň ejizlänin, peslänin;
Asyl adam ýalňyz öler, hapa batmaz köp bilen,
Islese-de edip bilmez duşmanynyň islänin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024