Başyňa iş düşse

Başyňa iş düşse, dogan, dosty-ýar,
Goňşy-golam geler, il-güne dönseň.
Emma başa döwlet düşse terrorçy,
Kimse gelmez niçe ýansaň, örtenseň.

Ýa gelerler garaşmadyk ýeriňden,
Bukulyp, ýüzlerin garaňka tutup;
Diýerler: “Sen ony et-de-muny et,
Belki, şonda bir gün bilersiň utup!”

Oturarsyň, oýlanarsyň, gelersiň
Şeýle bir pikire, gowy däl, dogry:
“Her kim öz ýanyndan gurjakçy ussa,
Her kim yzda durup, turuzjak gowry.”

Meger, şondan ynanmaýar hiç kimse
Beýlekiniň ýagşy niýet-päline;
Millet dymýar gürlemeli ýerinde,
Ýa “hak” diýýär tüpeňliniň däline.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024