Hudaýy bolsa adamyň

Hudaýy bolsa adamyň
Hakykaty aýdarmyş,
Sözlärmiş dogry-dürsi
Ýetdiginden akyly;
Ýoýmazmyşyn özüne çen
Ata-baba nakyly.
Ýa peseltjek bolmazmyş
Daglary şyltak atyp;
Hudaýy bolsa adamyň
Ömrün geçirmez ýatyp,
Geçjek bolmaz köprüden
Başganyň hasabyna,
“Suw ber” diýip topulmaz
Arçaşmadyk ýabyna.

Hudaýy bolsa adamyň,
Bukulyp ýaşamaz ýaşyn,
Etjek bor işini dogry,
Halal iýjek bolar aşyn,
Ýöne nätjek, hemme deň däl,
Uly, orta, kiçijik bar.
Käte ownuk hudaýy-da
Özüne çenli ownadýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024