Taňrydan towakga
Ýola çykdym, uzak ýola, daş ýola,
Öz ýanymdan taýyn bolup her hala;
Iki adam çykdy öňümden, walla,
Biri saga çekdi, beýleki - sola.
Ilki, belki, pikir etmän, oýlaman
Olaryň derdi nä, bilmedim asla.
Soň görsem ikisem gara başagaý,
Bir-birine garşy taslama taslap.
Dogrusy, olaryň aýdýan zatlary
Edil ýalanam däl başdan-aýaga.
Ýöne ikisi-de özleri durup,
Meni ýapyşdyrjak demir taýaga.
Ýogsa ikisi-de elli, aýakly,
Ýöne meniň elim bilen urjaklar;
Ýa depjekler meniň aýagym bilen,
Soňra ýüpün çeken boljak gurjaklaň...
Walla, sözsüz sözi bolsam diýipdim,
Gözsüze göz bolup, açjakdym ýoly.
Ýöne bir-birini iýjege agyz –
Etme, taňrym, berme, beýle ykbaly?!