Eger-de halkyňa hyzmatçy bolsaň...

Sen halky özüňe hyzmatkär etseň,
Aýagyňa ýyksaň uly-kiçini,
Sylagyň kän bolar, öwerler ýüzňe,
Taryplarlar hatda goýun-geçiňi.

Emma halka hyzmat etmekçi bolup,
Däle “däl-how!” diýip, ýeriňden galsaň,
Seni sylan, söýen köp bolmaz beýle,
Hatda agzyň bilen ak garga alsaň.

Owarram, her kimiň öz işi söýmek,
Ýa sylamak hak ýoluna çykany.
Ýöne sylagsyzam gezip bilmersiň,
Geçirmezler han göwnüni ýykany.

Iň ýamany seni hyzmatyn etjek,
Külün atjak halkyň bilen urarlar;
Agyrdarlar naçar eneňi soňsuz,
Barjak bolsaň, ýoluň kesip durarlar.

Ýat-keseki elin berer, galdyrar,
Ýykylan ýeriňden, üstüňi kakyp;
Emma hyzmat etjek iliň wekili
Güljek, kiçeltjek bor ýaman at dakyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024