Kim bolsaň-da...
Sen kim bolsaň bol, emma
Adamyň dilini iýme, sözläp bilmesin diýip.
Adamyň gözüni iýme, gözläp bilmesin diýip.
Iýme adamyň ýüregin, hetdi ýetmesin diýip,
Beýnisini gemirme, aňryk gitmesin diýip.
Sen kim bolsaň bol, emma
Gabama adamy öýünde, ilde.
Ýesir etme çaga-çugasy bilen,
Depesinden basma batgada, silde.
Sen kim bolsaň bol, emma
Gyrnak etme aýal-gyzy alaçsyz;
Naçar etme erkekleri aýal deý,
Başyn alma gabat gelse gyňaçsyz!
Sen kim bolsaň bol, emma
Ýok etme adamy adama salyp;
Bu öňden, gadymdan gelýän zat, dogry,
Ýöne kimmiş galan saklanjak bolup?
()