Iň çatak mesele
Sen bilýämiň, neneň işleýär dünýä?
Bagyşlar ol pula gyzsaň,
Mala gyzsaň däli ýaly;
Owadan, uly jaý salyp,
Içine düşeseň haly,
Soň köpeltseň jaý sanyny,
Aýal sanyn, sanyn atyň,
A soň gije bilmän ýatyp,
Jahankeşde bolup, gezseň dünýäni,
Ýa maşynly awa-şikara çyksaň,
Uçjak bolsaň, ganat baglap asmana,
Arşa baryp, geljek diýseň yzyma,
Ýa-da ýarag çekip, gyryp-gyrjaşlap,
Baş egdirjek diýseň dünýäň ýaryny,
Düşüner ol, bagyşlar ol, geçirer;
Ýöne hakykaty gözleseň ýa-da
Adalat isleseň ula-kiçä deň,
Ýa-da diýjek bolsaň bileniň açyk,
Bagyşlamaz, geçirmez ol, düşünmez,
Zor boldugyň onsoň gutulsaň gaçyp...
()