Ykbal

Ol Watandan gaçjak ogul däldi hiç,
Töhmet ody guýulmasa başyndan.
Ýat illerde aç surnukdy, gagşady,
Uzak düşüp ejesiniň aşyndan.

Ýogsa puly, gazançjygy ýok däldi,
Her ädimde gözel aşhana bardy.
Emma ejesiniň aşynyň orny,
Her näçe aş iýsin, garalyp durdy.

Hyýalda Watana gaýdardy onsoň,
Hiç zada galdyrman gözi, gabagy;
Ejesi saçagyn ýazyp öňüne,
Goýardy üstünde aşly tabagy.

Ýöne hyýal başga, hakykat başga,
Ene öldi, ogul galdy daşarda.
Ol ölýänçä aç buruljak ogul däl,
Ulus ile aş berjekdi başarsa...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019