Aşyk bolsaň
Sen başga bir gara güýjüň,
ak saýsa-da özüni täk,
päk diýse-de özüne täk,
eli gelip bir döwürde,
basyp alyp başgalary,
sanjy bolup müň böwürde,
ýaraglary ýarag ýaly,
bir däl, müňläp alan jany,
hemem mamla bolan mydam,
hem halasgär, hem ýagtylyk,
ne dinine guwan artyk,
ne diline guwan artyk,
olar beýik, biler halym,
däldir diňe ady alym,
KGB dek bolmaz zalym,
ýa gysganmaz ýagşylygyn,
geler diýip gylaw alma,
içden gelse, agla öýde,
aç kamera palaw bolma.
Pikir etme, başga iliň
ýazyjysy ussat, dana,
şahyrlary beýik diýip,
žurnalisti hakdan içen,
döwlet äri adalatly,
senetçisi diýip inçe,
öz-özüňi köşeşdirme,
gije-gündiz okap, diňläp,
eserine, sazlaryna
ýaralaryň açyp, iňläp,
öz diliňi egsik görüp,
ýadyň sözi melhem ýaly,
dili bilen derdiň aýdyp,
delalata garaşma kän,
ýa kiçeltme özüň artyk,
o beýigiň, bu beýigiň,
güýçli häzir senden, belki,
haýsy daga çykan bolsun,
bilseň, görseň, elki-selki,
pes ýerleri seniňkiden
köp bolmasa, kemis däldir,
oýny oýna, alajyň ýok,
düzgünine görä, bolsa,
ýöne özüň aldama sen,
öz diliňde sözle, gepiň
diňlenmese, bilinmese,
başga dilde diňlejek ýok,
geňlejek bar, güljekler bar,
aşyk bolsaň, adaty zat,
her köçede süljekler bar.