Bereket duzagy
Iň esasy üstünlik
il-ulusyň dymmagy,
nebit-gazdan gymmatly,
bar baýlygyň gapysy,
ýa-da sowgat ullakan
biparhlygy milletiň,
talajaga halkyny,
ýokarlaryk dyrmaşyp,
imany mal, pul bolan,
gaýgy edip ýurduny,
sorag berýän bolmasyn,
bitaraplyk haýbatly
heýkel bolsun, görmejek
görmez ýaly ardyny,
böri iýse, gemirse,
ýalan bolsun ak atly,
elin çarpsyn ýaşuly,
çaş çatynja bolanlar,
bergi-borjun unudyp,
pikir etmän geljegin,
çagasynyň doguljak,
goý, ýüregi ýukalar
birazajyk gynansyn,
öýde galyp ikiçäk,
özi bilen, utansa,
diýsin – nätjek, durmuşyň
gutulgusyz horlugy,
elin serýän köpelse,
seretmesin o ýana,
etmez ýaly hereket,
sabyrly il sag bolsun
diýýär tapan bereket...