Ders dersi

Sen sesini kesip iliň,
basyp ony aşak günde,
kürsiň bilen uly bolup,
uly bolup dürre bilen,
nöker bilen, kellesi ýok,
kesip ili çöreginden,
çaýdan kesip, suwdan kesip,
para bilen uly bolup,
uly bolup türme bilen ,
gazet bilen, žurnal bilen,
TW bilen, ýalan durşy,
boýna dakyp, satyp zordan,
galat edip iliň hurşun,
garşy durup ýaşaýyşa,
gülküsine çagalaryň,
ahy-nala sebäp bolup,
sebäp bolup aýralyga,
diňe tümmek köpeldersiň,
bolmak üçin biri ertir,
ýetirersiň üstün dersiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026