Surat

Beg pelsepesi

Esasy sen uly maşyn münmeli,
saldyrmaly owadan jaý, üýtgeşik
öý goşundan doldurmaly içini,
dakynmaly sagatlaryň gymmadyn,
iýip, içip, münüp, guçup ötmeli,
bizden has öň aýdylan bu, şu gün däl,
uly gürle, öwret ogul-gyzyňa
gedemligi, iň esasy gylygy,
görsün garyp kimdigiňi uzakdan,
bilsin adyň eşidenler güýjüňi,
guwan onda, munda özüňden beter
şer bagynyň barlaryny iýene,
hem jogabyň taýyn bolsun diýene,
ýa aýdana ertekisin dinleriň,
ynsap, şükür hakda, kanagat hakda,
ýazylmadyk kanun hakda, adalat
ahyr bir gün geler, bardyr diýseler
adam haky, haýwan haky jahanda,
öňem kän diý aş gatyklan dahanda,
düzetjekler bu dünýäni göreşip,
samsyk kileň, kesesinden gülmeli,
hawa, dogry, bolmajak zat bolup dur,
biri gitse, beýlekisi gelmeli,
käbirisi diýýär howply size-de,
birden garyp-gasar gazaba münse,
ýa birleri ulanmagy başarsa,
ezileni, nägiläni üýşürip,
ýa-da azsa begiň begi, oýnatgy,
ýa göterim oda berse dünýäni,
geregi ýok pikir etmäň beýle kän,
bu hemişe şeýle, gepiň gysgasy,
wagty gelse, her bir adam ölmeli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026