Köne tymsal
Şol mähelle ähli ýerde elmydam,
elin çarpýan täç gonanda başyňa,
ertir kelläň togalansa, ýene şol,
seretmez ol ýaşamaly ýaşyňa,
geň görme sen görmesizden hiç zady,
bir asyr däl, çapak-çapak oýnuny
gaýtalaýar adam bolan bar ýerde,
sebäbi ol mydam tomaşaň guly,
gyş uzakdyr, aýap ulan kömrüňi,
sen mähellä, gykylyga seretme,
näme diýmez ýele beren ömrüni,
gaý-tupana döşüň gerseň iliňi,
ýetimi, ýesiri goraýyn diýip,
hem ynansaň göreşiňe, gülerler,
oka, diňle, aýdylandyr kän ozal,
biri kyssa bilen, beýleki gazal,
düşündirjek bolup ýanyp-köýüpdir,
sen ynanma, öňden gelýän ýoda bu,
il çynçy däl, ýalançyny söýüpdir...